2016-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikirleri alyşdylar. Sport, bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly Türkmenistanyň we Indoneziýanyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň we telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar.
Duşuşygyň çäginde geljekde iki ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek üçin zerur ähli tagallalary amala aşyrjakdygyny beýan edip, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ertir Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudiniň ynanç hatlaryny gowşurmagy dabarasy geçiriler.