icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 maý 2021

1430

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum gibrid görnüşinde öz işine başlady.     

Bazaryň uglewodorod toplumy babatdaky bu iri çäräni gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle-de “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Turkmen Forum, GaffneyCline, TAPI, TNGIZT bolsa bilelikde ýardamçylar hökmünde çykyş edýär.   

Forumyň esasy wezipesi Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmek, energetika ulgamyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýar. 

Halkara foruma SOCAR, CNPC, NaPeCo, Buried Hill, Dragon Oil, Petronas, ARETI, LG International we beýlekiler ýaly öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalaryň, Aziýa ösüş banky, Bütindünýä banky, Yslam Ösüş banky we beýlekiler ýaly maliýe institutlaryň ýolbaşçylary, şeýle-de sebit derejesinde nebit we gaz senagatynyň geljegini kesgitleýän bilermenler gatnaşýarlar.

 Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny okady.

Forumda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, «SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti R.Abdullaýew, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurdumyzdaky wekili K.Weýgand, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Naýçen, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary A.Alisjahbana, Halkara Energetika Forumynyň Baş sekretary J.MakMonigl, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň prezidentleri, wise-prezidentleri, birnäçe döwletleriň ilçileri we başga-da köpsanly foruma gatnaşýanlar çykyş etdiler.

Forum “Energetika bazarlarynda global tendensiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly plenar mejlis bilen başlandy. Soňra çäre “Global energetika gün tertibini goldamakda maliýe institutlaryň orny”, “Turba geçiriji taslamalar – pes uglerodly geljege geçmek üçin hereketlendiriji güýç”, “Hazar deňziniň kenarýaka ýataklary: özleşdirme tejribesi we täze maýa goýum mümkinçilikleri”, “Uglewodorodlaryň monetizasiýasyna maýa goýum taslamalary – geljege nazar” ýaly 4 sessiýa bilen dowam etdi.

Forum öz işini 13-nji maýa çenli dowam eder. Şol gün düzüminde ýokary derejede kükürt bolan tebigy gazy gaýtadan işlemek we arassalamak, karbonat gaz kollektorlarynda burawlanan skwažinalaryň töwereklerindäki zolaklarynyň üstünde işlemek ýaly meseleler boýunça maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak  meýilleşdirilýär.       

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi