2021-nji ýylyň 6-njy iýunynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdi. Iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligi hem bellenilip geçildi.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar şonuň ýaly-da döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Owganystana hem-de onuň halkyna berýän goldawlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň iňjeň häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň depginine seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň gatnaşmagynda Turgundy-Hyrat demir ýol böleginiň gurluşygy bilen bagly bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine hem garaldy.
Duşuşygyň gün tertibine sebitleýin howpsuzlyk meseleleri hem girizildi. Owganystanda durnuklylygy we sazlaşykly ösüşi saklamak işinde hereketleriň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, ykdysady hem-de ynsanperwer häsiýetli başlangyçlar arkaly owgan tarapynyň gatnaşmagynda anyk taslamalary durmuşa geçirmek bilen goňşy ýurda goldaw bermegini dowam edýän Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy.
Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň we halkyň bähbidine türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ösdürilmegi boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi.