icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2021

1927

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Şu gün, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.

Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Gypjak obasyna bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýligähinde agaç nahalyny oturtdy.

Şol gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy. Sergide nebitgaz pudagynda, energetikada, himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, senagat we gurluşyk materiallary pudagynda gazanylan üstünlikler we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri görkezildi.

Soňra Sadyr Žaparow türkmen-gyrgyz ykdysady forumyň açylyşyna  gatnaşyp, dabarada çykyş etdi.

28-nji iýunda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljekki ösüş meseleleriniň, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi