icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýul 2021

1603

Türkmenistanyň Ilçisi Polşa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan aýdylan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi