2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.
Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalary tassykladylar.
Diplomatlar sebit we halkara derejelerde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde hem-de onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda çykyş edýändikleri aýratyn bellenildi.