2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr.
24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministrine hem-de tutuş halkyna ýollan salamyny we mähirli sözlerini, şeýle-de XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostlukly, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze mazmunyny kesgitlediler.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähmiýetli meseleleri dogrusynda pikirleriň alyşylmagy üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geçdiler.
Şunlukda, iki ýurduň sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketlerine seredilip geçildi, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň netijeliligi aýratyn bellenildi, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn guralynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň yzygiderli özara hereketletiniň netijeliligini bellemek bilen, taraplar gaz, himiýa, ulag we oba hojalygy ýaly pudaklarda anyk taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ugurlaryň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlaryny kesgitlediler. Şeýlelikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny hem aýratyn belläp geçdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň, şeýle-de iki ýurduň Parlamentara dostluk toparlarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara gatnaşyklaryň netijeliligi hem aýratyn nygtaldy.
Iri ýapon kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň netijeleriniň işjeň we açan-açan ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de onuň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenilmeginiň, ýüze çykyp biljek meseleleriň öz wagtynda çözülmegine hem-de gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegine mümkinçilik berýändigi aýratyn bellenildi.
Şeýle-de energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, innowasiýalar we häzirki zaman tehnologiki çözgütler ulgamlaryndaky häzirki durmuşa geçirilýän we geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň depginine hem jikme-jik seredilip geçildi.