2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary berkitmäge, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Ministrler senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alyşdylar we iki döwletiň bu ugurdaky mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.