06 awgust 2021
3085
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Şu gün, 6-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.
Iki ýurduň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça özara hereketletiň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerine seredip geçdiler.
Prezidentler şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.
Başga habarlar
29
Jul
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
29
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29
Jul
Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
28
Jul
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
28
Jul
Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi
Ähli habarlary görmek