Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiriýändir. Şunlukda Türkmenistan owgan meseleleriniň ähli aýratynlyklarynyň syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň ulanylmagy arkaly parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolmagynda galýar.
Resmi Aşgabat Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär we bu ýurtdaky täze döwlet institutlarynyň ýakyn wagtda hukuk giňişliginde we Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda dörediljekdigine ynam bildirýär.
Owganystanyň hoşmeýilli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyklykda ýurtda parahatçylygyň, raýat ylalaşygynyň hem-de durnuklylygyň, Owganystanda ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň ýola goýulmagy babatynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermeklige gönükdirilen özüniň oňyn işini dowam eder.
Türkmenistanyň DIM-niň
Metbugat gullugy