2021-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklamak bilen, bu gün biziň öňümizde Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly derwaýys wezipäniň durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem Ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.
Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris. Goňşy hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilmegine ýardam etmäge taýýardyr.
Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýäris.
Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyna gös-göni ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berýändigi bellenildi.
Türkmen tarapy ýokarda görkezilen çemeleşmelere esaslanmak bilen, häzirki owgan ýagdaýynyň başlanan wagtyndan öz garaýşyny resmi taýdan beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.