2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen bagly bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki meselelerine seredildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry bolsa «Serhetabat-Turgundy» GGN-nyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli hemaýatlaryň berilmegi boldy.