Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulanylmagy üçin rugsatnamanyň dessin berilmeginiň, adamlaryň guramaçylykly çykarylmagynyň netijeliliginiň kesgitleýji şerti bolandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn özara hereketler bilen bagly pikirleri alyşdylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Germaniýanyň «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň, şol sanda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi.
Taraplar şeýle-de halkara we sebit gün tertibine degişli möhüm meselelere hem seredip geçdiler. Şu nukdaýnazardan, owgan ugry boýunça işjeň dialogyň dowam edilmegi babatynda özara taýýarlyklar mälim edildi.
Ministrler Türkmenistanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda diplomatiki wekilhanalarynyň hem gatnaşmagynda yzygiderli geňeşmeleriň ulgamlaýyn esasda dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.