2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň DIM-niň Ilçisi, baş direktory Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi.
Işjeň maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdyldy.
Taraplar «Hazar deňzi – Gara deňzi» Halkara ulag geçelgeleri babatynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler, çünki bu ugurda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr.
Ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegi nobatdaky geňeşmeleriň derwaýys ugurlaryny düzdi.