2017-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belarus tarapynyň wekiliýetine Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Andreý Ýewdoçenko ýobaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk alyp barmak boýunça Meýilnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi barada pikir alyşdylar. Halkara guramalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy aýratyn belläp, taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler.
Ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilşiniň gidişine garamak bilen, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumyny ösdürmek boýunça pikirleri we teklipleri alyşdylar.
Ynsanperwer ulgamy barada aýdyp, taraplar ylym we bilim ugurlarynda özaragatnaşyklary giňeltmegiň zerurlygyny bellediler. Taraplaryň aýratyn ünsi ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine berildi.