2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetirji sekretary, onuň orunbasarlary we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşdy. Gün tertibine girizilen meseleleriň wajyplygyny belläp, Ilçi öz çykyşynda ileri tutulýan ugur hökmünde ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy kesgitledi. Türkmenistanyň Ilçisiniň belleýşi ýaly, GDA-nyň kabul eden 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasy wajyp ugurlardaky ýakyn gatnaşyklary göz öňüne tutýar we şu nukdaýnazardan, GDA öz mümkinçiliklerini Ýewraziýadaky ykdysady işiň kuwwatly subýekti hökmünde doly amala aşyrmaly.
Şeýle-de Ilçi GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň halkara gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýaraglanyşyga gözegçilik etmek, häzirkizaman howplara we gapma-garşylyklara garşy göreşmek, biologik howpsuzlyk, kiberjenaýatçylyk we internet-tehnologiýalaryň ýaramaz ulanylmagy, ekologiýa meseleleri we beýlekiler ýaly esasy ugurlary boýunça işiniň utgaşdyrylmagynyň hem-de bu babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň dowam etdirilmegi barada çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin GDA-nyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasyny goldaýandygy barada belläp geçdi.
Bilelikdäki işiň iň wajyp ugry hökmünde Ilçi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň gün tertbindäki meseleler boýunça GDA gatnaşyjy ýurtlaryň garaýyşlarynyň utgaşdyrylmagy we ylalaşylmagy hakynda nygtap geçdi. Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ÝUNESKO, ÝHHG, MAGATE we şular ýaly halkara guramalarynyň çäklerindäki olaryň gün tertibiniň meseleleri, beýleki halkara we sebitleýin meseleler babatda pikir alyş-çalşygyny amala aşyrmak boýunça yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek tejribesini hem ählitaraplaýyn goldaýandygy barada aýratyn bellendi.
Çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň wekili türkmen tarapynyň adyndan Arkalaşygyň ýurtlaryny şu ýylyň ahyrynda ýurdumyzda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy” atly Halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.
Mejlisiň dowamynda jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy. GDA gatnaşyjy ýurtlaryň taryhçylarynyň we arhiwçileriniň halkara assosiasiýasy baradaky düzgünnama seredip geçmek wajyp meseleleriň birine öwrüldi.
Şeýle hem GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna ugradyljak resminamalaryň taslamalary makullanyldy. Olar – GDA-nyň 30 ýyllygy bilen bagly, biohowpsuzlygy üpjün etmek pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky beýannamalar we beýleki reminamalar.
Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar 2022-nji ýylda Arkalaşykda Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny goldadylar hem-de Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna girizdiler. Şeýle-de mejlisde Moldowa Respublikasynyň Komrat şäherini 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan etmek baradaky resminama gol çekildi.