2017-nji ýylyň 15-16-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Moldowa Respublikasyna resmi sapary boldy.
15-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moldowanyň Prezidenti I.Dodon bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekgi mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşini hoşallyk bilen belläp, Moldowanyň Prezidenti Türkmenistanyň we Moldowanyň özaragatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belledi.
Şol günüň dowamynda Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginde Türkmenistanyň we Moldowanyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Moldowan tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Lilian Dariý baştutanlyk etdi. Geçirilen geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistanyň we Moldowanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň meselelerine garaldy. Abraýly halkara guramalaryň we edaralaryň çäginde özaragatnaşyklaryň meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirýän sebitleýin we halkara syýasatynyň esasy meseleleriň ençemesi barada pikirleri alyşdylar.
16-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moldowa Respublikasynyň Nowoanenskiý etrabynyň Delakeu obasynda ýerleşýän görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň jaýlanan ýerine baryp gördüler.
Bu ýerde faşizme garşy Beýik watançylyk urşunyň ýyllarynda Moldowanyň azat edilmegi ugrunda söweşip wepat bolan esgerlere Ýadygärligiň dabaraly açylyşy boldy. Bu dabara Moldowanyň Prezidenti I.Dodon, Moldowanyň Hökümetiniň agzalary, DIM-niň wekilleri we beýleki gadyrly myhmanlar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda çykyş eden, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan moldowan tarapa Moldowanyň azat edilmegi ugrunda Beýik watançylyk urşunda söweşip wepat bolan esgerleriň hatyrasyna ýiti ünsi üçin çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň wekiliýeti ýadygärlige çemen güllerini goýdy.
16-njy maýda Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom okrugynyň Wulkaneştiý etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda türkmen tarapynyň guran we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Gagauziýanyň halkyna sowgat eden «Dostluk» çagalar bagynyň açylyşy boldy.
Açylyş dabarasynda Moldowanyň Prezidenti I.Dodon, Gagauziýanyň Başkany I.Wlah, Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýeti, Moldowanyň Hökümetini wekilleri, hormatly myhmanlar, jemgyýetçilik we Gagauziaýanyň mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Moldowanyň Prezidenti I.Dodon türkmen tarapyna we aýratyn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Moldowa Respublikasynyň çagalaryna hem-de bagtly geljegine berilen goldaw we ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Gagauziýanyň ýolbaşçysy I.Wlah öz adyndan we Gagauziýanyň halkynyň adyndan Gagauziýanyň çagalaryna «Dostluk» çagalar bagy sowgady üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň we Moldowanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bu şanly we unudylmajak günde çagalar bagynyň açylyş dabarasynyň bezegi boldy.