icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2021

1412

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat eadarlarynyň ýolbaşçylary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi.   

Diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň BMG, YHG, AHHG we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Halkara düzümleriniň çäklerindäki ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi hem nygtaldy. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi