2017-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň hemişelik kömekçisi, Diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy Ser Saýman MakDonaldyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň agzalary halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň çygry boýunça pikirleri alyşdylar. Soňra taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmnatdaşlygyny geljekde ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek meýillerini beýan edip, taraplar ýurtlaryň içerki we daşarky syýasatynyň häzirki ýagdaýy we esasy maksatlary barada maglumatlary alyşdylar. Halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýdyp, taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çarçuwasynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanmalaryny bellediler. Şunlukda britan tarapy Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň BMG tarapyndan iki sapar ykrar edilen ýeke-täk döwletdigini aýratyn nygtady.
Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada aýdyp, taraplar Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetini belediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösüşine oňyn baha berip, taraplar energetika we bank ulgamlary, bilim we sport ýaly ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Şeýle hem hökümetara hyzmatdaşlygyny, şol sanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda özara tejribe alyşmak arkaly gatnaşyklary ösdürmekde teklipler beýan edildi.