2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktory Ýerlan Baýdaulet bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň arasyndaky özara hereketleriň möhüm ugurlaryny hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem yslam ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalara we maksatnamalara seredilip geçildi.
Türkmen tarapynyň azyk howpsuzlygyna möhüm ähmiýet berýändigi we oba hojalyk ulgamy boýunça söwdanyň möçberiniň artdyrylmagynyň wajyplygy bilen bagly meseleleri aýratyn üns merkezinde saklaýandygy bellenildi.
Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktorynyň şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.