2017-nji ýylyň 23-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady.
Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 36 ýurdundan wekilleriň 300-den gowragy geldi. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň, innowasion merkezleriň, ylmy-barlag hem-de taslama institutlarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Günüň birinji ýarymynda serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary, nebitgaz ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdelereiniň wekilleri gatnaşdylar.
Kongresiň wekilleri we myhmanlary “Berkarar” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda önümçilige dünýä ylmynyň hem-de tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlyk bilen görkezilýär.
Günüň ikinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň VIII Halkara gaz kongresi öz işine başlady. Birinji umumy mejlis dünýäniň gaz bazarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna hem-de Türkmenistanyň ählumumy energetika giňişliginde eýeleýän ornuna bagyşlandy. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda energiýa çeşmelerine we olary eltmegiň serişdelerine elýeterliligiň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek meseleleri barada durlup geçildi.
Kongresiň dowamynda Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygyň ýolunda” atly forumyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu forum maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriler. Ýokary derejeli wekilçilikli maslahat ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek ýaly strategiki möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryny dowam etdirmäge ýardam etmelidir. Energetika howpsuzlygy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
24-nji maýda VIII Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.