Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär.
Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşiýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.
Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy.