2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky giň gerimli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurduň terrorçylyga garşy göreşmegiň halkara ulgamynyň pugtalandyrylmagy, terrorçylyk wehimlerine, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça BMG-niň alyp barýan işlerine gatnaşmaga berk ygrarlylygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň barşynda sebit we halkara howpsuzlygynyň meselelerine, hususan hem 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň düzgünlerine esaslanmak bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň sebit derejesinde durmuşa geçirilmeginiň çäklerindäki özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda, Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy Global strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň 3-4-nji martynda Daşkent şäherinde geçiriljek Halkara maslahatyň çäklerinde Herketleriň bilelikdäki täzelenen meýilnamasynyň kabul edilmegine taýýarlyk hem beýan edildi.
Şeýle-de taraplaryň köpugurly meýdançalaryň çäklerindäki yzygiderli duşuşyklarynyň derwaýys häsiýeti hem aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Aşgabat Maksatnamalaýyn edarasynyň mümkingadar formatlarynyň we aýratynlyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen geňeşmeleriň has hem işjeňleşdirilmegini teklip etdi.
2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginde BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyna aýratyn minnetdarlyk bildirildi.
Taraplar şonuň ýaly-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen, alnyp barylýan hereketleriň derwaýyslygyny hem belläp geçdiler. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky möhüm ädimleri aýratyn nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tarapy tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy» atly kararnamasy taýýarlanyldy we resminama Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynyň dowamynda garalmagy üçin hödürleniler.
Taraplar bu kararnamanyň kabul edilmeginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara, şol sanda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan kontrterrorçylyk ulgamyndaky başlangyçlarynyň hem iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga ygrarlylygy hem tassyklanyldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Daşary işler ministri söhbetdeşine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjy barada gürrüň berdi.