2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç» şygary astyndaky üç günlük Merkezi Aziýa halkara ekologik forumy öz işine başlady.
Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän halkara we sebitleýin guramalarynyň, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy bilermenler, ekologiýa ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň esasy temasy «Howanyň üýtgemegi we Merkezi Aziýada durnukly ösüş jähtinden suw hyzmatdaşlygy» boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümet edaralarynyň, ösüş ulgamyndaky halkara birleşiginiň, ylmy toparlaryň, raýat jemgyýetiniň we işewürler düzümleriniň arasyndaky daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça gepleşikleri berkitmäge ýardam etmek we sebitiň durnukly ösüşiniň strategiýasy babatda garaýyşlary bilelikde kemala getirmek forumyň esasy maksady bolup durýar.
Forumyň işiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa halkara ekologiýa forumynyň gatnaşyjylaryna we tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerine ýüzlenmesi okaldy. Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Forumyň ilkinji gününde– ýokary derejeli segmentler «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamynda ekologik hyzmatdaşlygy üçin çagyryşlar we mümkinçilikler» we «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hyzmatdaşlygy we ekologiýa ulgamyndaky hukuk binýadyny sazlaşdyrmak» atly iki sany plenar sessiýasy geçirildi. Bu sessiýalar daşky gurşawyň üýtgemegi we sebitde suw hyzmatdaşlygy meselelerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine we diplomatlaryň hem-de parlamentiň deputatlarynyň ornyna bagyşlandy.
Forumyň ikinji we üçünji günleri tematiki ara alyp maslahatlaşmalara bagyşlanar. 7-nji iýunda ugurdaş sessiýalar bolar we forumyň jemleri jemlener. Şol günde forumyň resmi ýapylyş dabarasy geçiriler.