2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi.
Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda, derwaýys halkara hem-de sebit meseleleri babatynda hem pikir alyşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy K.Jennesse şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar barada habar berdi hem-de nobatdaky saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
BMG-niň bu düzüminiň saýlawlara bilermenlik goldawynyň berilmegi, zerurlyklara baha bermek boýunça missiýalaryň geçirilmegi, şeýle-de saýlawlara gönüden-göni synçylygyň amala aşyrylmagy babatyndaky dünýäniň dürli künjeklerindäki ähmiýetli tejribesi bellenilip geçildi.
Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapyna Bölümiň hususan hem saýlawlara taýýarlyk görmek wagtynda hem-de olaryň geçirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy babatyndaky işleriniň iň soňky gazananlary beýan edildi.
Söhbetdeşligiň barşynda şeýle hem beýleki halkara guramalary, ylaýta-da Türkmenistan-BMG-ÝHHG formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndan türkmen tarapy ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw topary we beýleki döwlet edaralary üçin saýlaw çärelerini geçirmegiň öňdebaryjy tejribesi boýunça okuw sapaklarynyň hem-de tälim okuwlarynyň toplumyny geçirip başlaýar. Şunuň bilen, Ministr BMG-niň ulgamynyň, hususan hem bu Bölümiň gyzyklanma bildirýän wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň we Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň arasynda uzakmöhletleýin esasda ygtybarly ulgamlaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygyny aýratyn nygtady.