2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýa Halkara Ekologiýa Forumynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda “Sebitiň ekologiýa meselelerini beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny” atly tegelek stol geçirildi.
Bu tegelek stoluň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň we tebigaty goramak edaralarynyň metbugat gulluklarynyň wekilleri, sebitiň tebigaty goramak bilen bagly gazetdir žurnallaryň baş redaktorlary, žuralistler we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika hünäri boýunça okaýan talyplar, we Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatynda işleýän birnäçe guramalaryň hem-de assosiýasiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda ekologiýa maglumatyna bolan ynamy ýokarlandyrmak, häzirki zaman dünýäsinde KHBS-niň orny, biziň ýurtlarymyzda hem-de daşary ýurtlarda ekologiýa we tebigaty goramak ulgamyndaky esasy gazanylýan üstünlikleri baradaky maglumatlary giň jemgyýetçilige ýetirmek, ekologiýa syýahatçylygy we ekologiýa bilimi meseleleri, ekologiýa ulgamyndaky ýerli, sebit we halkara meselelerini beýan etmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekologiýa neşirleriniň arasynda maglumat alyşmak meselelerine garaldy.
Tegelek stolynyň mejlisiniň ahyrynda sebitiň ekologiýa meselelerini beýan etmegiň esasy ugurlary boýunça pikirler alyşyldy.