2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň derwaýys söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, farmasewtika we beýleki möhüm ulgamlarda öňden bäri netijeli işleýärler.
Şeýle-de, energetika we ulag ulgamlarynda iri göwrümli milli hem-de halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasynyň nazarda tutulmagy bilen, özara mümkinçilikleriň has giň çäklerde ulanylyp bilinjekdigi hem bellenildi.
Türkmenistanda ylmy esasly we innowasion önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlarynyň we tehnologiýalarynyň çekilmegi babatynda hem ähmiýetli mümkinçilikler bardyr.
Taraplar ekologiýa ulgamyna hem aýratyn üns berdiler. Bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.
Özleriniň jemleýji çykyşlarynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary möhüm meseleleriň ençemesi boýunça çemeleşmeleriň umumylygyny görkezen ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň jemlerine ýokary baha berdiler.
Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hereketleriň depginliligi, yzygiderliligi we ulgamlaýynlygy aýratyn tapawutlanýan häsiýeti bolup durýandygy bellenildi.