2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda Iýerusalimde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň daşary syýasat edaralaranyň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy we senagat pudagynda, ýokary tehnologiýalar, suw hojalygy, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Syýasy-diplomatik özara hereketleriň ýokary derejesini belläp, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çarçuwada, ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini belläp, taraplar öň ylalaşylan resminamalaryň ýerine ýetirilmegine ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn üns berdiler. Şeýle hem, halkara guramalaryň çäginde özara gatnaşyklary işjeň ösdürmekligiň wajyplygy bellenildi.
Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen gatnaşyklary dowam etmek üçin özara gyzyklanmalara laýyk gelýän önjeýli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmeginiň zerurlygyny we dürli derejelerde duşuşyklaryň möhümdigini belläp geçdiler.