2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we HHR-iň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanda Hytaý bilen gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl deňhukukly, uzak möhletleýin, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarly ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar.
BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, şol sanda “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.