2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly sebit hem-de halkara guramlarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şol sanda halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Bet-Iden Kaýt Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we diplomatik işiniň çygrynda Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.