2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan oňyn mümkinçilikler barada bellenildi.
Taraplar şu ýyl işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek barada, hususan-da, 17-nji maýda Brýusselde ÝB hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli gepleşikleri, noýabr aýynda Ýewropanyň paýtagtynda "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" 18-nji ministrleriň duşuşygy, oktýabr aýynda Aşgabatda Bilelikdäki ikitaraplaýyn komitet, şu ýylyň iýul aýynda Brýusselde "Türkmenistan - ÝB" Adam hukuklary boýunça gepleşikler, şeýle hem noýabr-dekabr aýlarynda türkmen paýtagtynda Parlamentara gepleşikleri ýaly formatlarda dowam etdiriler.
Energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi söhbetdeşligiň aýratyn temasy boldy. Bu ugurda taraplar bar bolan uly mümkinçilikler barada nygtadylar.
Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlyk boldy.
Taraplar biodürlüligi gorap saklamak, suw gorlary we gowşak ekosistemalary goramak ugurlaryndaky anyk meýilnamalar we taslamalar arkaly bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.
T.Hakalyň Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň ikitaraplaýyn we sebitara gün tertibiniň çäginde bilelikdäki hereketleriň "Ýol kartasyny" taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.