2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi.
Sebit we halkara energetiki hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnzaryndan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berdildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktoryny gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.