2017-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmak maksady bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Metýus bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Syýasy gatnaşyklaryň oňyn gidişi bellenildi. Gatnaşyklaryň ösüşiniň mümkinçilikleri bellenilip, taraplar energetika pudagynda, suw hojalygy we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňdeşligiň dowamynda, taraplar ylym we bilim ulgamlarynda, şeýle hem lukmançylyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyllygy senesi barada aýdyp, taraplar bu şanly waka mynasybetli bilelikdäki çareleri guramak boýunça teklipleri beýan etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleri barada habar berip, günorta afrikan tarapyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.