Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, täze çözgütleri işläp taýýarlamak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybaratdyr.
Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn ykdysady we iş gatnaşyklatyna seretmek we derňemek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça, söwda şertleri, maýa goýum we ykdysady integrasiýasy barada söwda ulgamynyň kompaniýalary we döwlet düzüminiň wekilleri bilen pikir alyşmaga mümkinçilik gazandylar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi, şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen wýetnem wekiliýetiniň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşuklary geçirildi. Işewürler maslahatyň netijelerine görä, Hanoýda türkmen we wýetnam telekeçileriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýlan bu forum iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine we giňeldilmegine täzeden itergi berjekdigini foruma gatnaşyjylar uly ynam bilen bellediler.