2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlanjygy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75/313 belgili «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üzniksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly rezolýusiýasynyň ähmiýeti we öz wagtynda kabul edilmegi aýratyn bellenildi.
Çäräni bilelikde gurnaýjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna doly amala aşyrylmagy üçin koronawirus ýokanç keselini netijeli ýeňip geçmek boýunça özleriniň tejribeleri we pikirleri bilen paýlaşdylar.
Ertesi gün BMG-a agza döwletleriniň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyny döretmegiň amallaryny wirtual platforma görnüşde geçirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa maslahaty açmak bilen, Türkmenistan birnäçe ýyl mundan ozal ulag tematikasy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn rezolýusiýasynyň kabul edilişini girizmek ugrundaky teklibini belläp geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy bilen, BMG-niň döredilen ilkinji pursadyndan başlap, global ulag geçelgeleriniň maslahat beriş ulgamynyň işjeňleşmegi we birnäçe umumy çemeleşmeleri tassyklanylmagy esasynda ulag meseleleri boýunça 4 sany rezolýusiýa kabul edildi.
Dabaranyň dowamynda Dostlar Toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş etmek bilen, olar häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini we öz wagtynda döredilendigini bellediler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri ýurduň ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly görülýän çäreler hem-de Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Durnukly ulag ulgamynda Dostlar Toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary özünde jemleýän BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy Abdulla Şahidiň adyna hat ýollanyldy.