2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.
Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Sadyr Žaparowyň duşuşygy geçirildi.
Prezident Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza nobatdaky konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň çäklerindäki şu gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berer. Mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara goldamak ýörelgeleri şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanyna Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurda gelmäge çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, sammitiň ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň täze usulydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu sammit Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär, diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra bäş döwletiň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiň resmi banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, uly mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Prezident Sadyr Žaparow duşuşygy açyp we daşary ýurtly kärdeşlerini myhmansöýer gyrgyz topragynda mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini dowam etdirjekdigine we Türkmenistanyň ösmegine saldamly goşandyny goşjakdygyna pugta ynam bildirildi.
Soňra konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar gün tertibini tassykladylar we çykyş etmäge başladylar.
Öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi, jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi hem-de öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginler bilen ösýän hem-de geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynam bildirip, Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly döwletleriň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek işinde sammitiň ähmiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, sebitiň ähli döwletleriniň rowaçlanmagyna, durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen, özara saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
Sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag-kommunikasiýa ulgamy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, ekologiýa, söwda we maýa goýumlar, sanlylaşdyrmak, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
Soňra Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezinde dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Yssyk-Kölüň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.