15-nji awgustda, duşenbe güni, Awazada açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler syýasy gatnaşyklaryň derejesine hem baha berdiler we BAE-nyň Prezidenti Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne resmi saparynyň gurnaljakdygyny bellediler.
Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikler, iki ýurduň ýangyç we energetika mümkinçilikleri we Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga taýynlygy bellenildi.
Taraplar BAE-nyň gatnaşmagynda we birnäçe şertnamalaryň esasynda Türkmenistanda gaz-himiýa, maliýe we ulag pudaklarynda taslamalary öňe sürmek meselesine garadylar. Mundan başga-da, dokma senagatynda, BAE-nyň we Afrikanyň bazarlaryna türkmen harytlaryny eksport etmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Suwy süýjetmek, çölleşmek we daşky gurşawy goramak meselelerine üns berildi.
Türkmenistan bilen BAE-nyň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi - IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky islegi beýan edildi. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylyp bilinjek alternatiw energetiki tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin mümkinçilikler döretmäge taýýardygyny mälim etdi.