2017-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak üçin iş sapary bilen Aşgabada gelen Burkina-Faso döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Antuan Somda bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýillerini beýan edip, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge berýän uly ünsüni belläp geçdi.
Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine seredip, taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ornuny bellediler. Taraplar iki döwletiň eksport we import mümkinçilikleri barada habar berip, iki döwletiň işewürler toparlarynyň, hem-de gaýtadan işleýän we dokma senagaty ulgamynda gatnaşyklarynyň ösüşine uly gyzyklanma bildirdiler. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda taraplar medeniýet we bilim ulgamlaryny görkezdiler.
Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilini belläp, Türkmen tarapy Ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek işinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.