2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-nyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň we BAE-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen ştab-kwartirasy BAE-nyň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň - IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegi bildirildi. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanyp boljak alternatiw energiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin meýdança bolmaga taýýardygyny mälim etdi.