08 sentýabr 2022
3668
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň
şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Başga habarlar
20
May
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi
19
May
KHBS üçin maglumat
19
May
Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada
19
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
18
May
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Ähli habarlary görmek