2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew, Ermenistan Respublikasynyň wekilýetine Daşary işler ministriň orunbasary M.Safarýan ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar salamlaşyp, türkmen-ermeni gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýeti barada bellediler. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi beýan edildi. ermeni tarapynyň Türkmenistanyň halkara platformalarynda öňe süren daşary syýasat başlangyçlarynyň yzygiderli goldawy bellenildi.
Taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýylyň dolýandygyny bellediler we bu babatda birnäçe çäreleriň geçirilmegi teklip edildi.
Şeýle hem, diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we şeýle hem dürli ugurlarda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.