2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamyda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň çykyşy diňlenilip, onda Türkmenistanyň halkara ykdysady guramalary, maliýe institutlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermegini maksat edinýändigini, hem-de ikitataraplaýyn hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi barada belläp geçdi.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenogly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Andrysýakin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Naýçen we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýary Ilçisi M.S.Klimou dagylar çykyş etdiler.
Diplomatik korpusynyň wekilleriniň çykyşynda soňky ýyllarda geljekki ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriniň döredilendigini bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýäniň 100-den gowrak daşary ýurtlarynyň söwda gatnaşyklarynyň bardygyny, şeýle hem Halkara Walýuta gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen ýakyn gatnaşyklarynyň ýola goýulandygyny nygtaldy.
Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ýaňy ýakynda Bütindünýa Söwda Guramasynyň düzümine girmek üçin ýüz tutandygy we “ goşulýan ýurt ” derejesine eýe bolandygyny bellenildi. Bu bolsa sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn derejesiniň görkezijisi bolup durýar.