2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk işler we ş.m ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Her ýyl hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatda we Türkmenistanyň daşynda hem amerikan we türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler we okuwlar geçirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion kanunyna we ýurduň harby doktrinasyna laýyklykda Türkmenistanyň ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.