2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Polşa ýolbaşçylygy tarapyndan gurnalan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi.
Beýanatda Türkmenistanda demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, demokratik institutlarynyň gazananlary, kabul edilen täze kanunlar we ýurtda bolup geçýän beýleki oňyn üýtgeşmeler bellenildi. Türkmenistanda çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýändigi, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny has-da kämilleşdirmek üçin kanunçylyk, institusional we dolandyryş çäreleriniň görülýändigi we bu ugur döwlet baştutany, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýandygy bellenildi.
Şeýle hem, gatnaşyjylara halkara hukugynyň kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda yzygiderli ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Bu işiň ýerine ýetirilişini göz öňünde tutup, täze meseleler anyk kesgitlenilýändigi we adam hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň we ülňüleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün edýän milli kanunçylygy mundan beýläk-de özgertmek üçin durmuşa geçirilýändigi barada beýan edildi.
Soňky ýyllarda demokratiýalaşma we kanunyň hökmürowanlygy, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin adam ölçegleriniň ösüşi ýaly bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäginde BMG-nyň gurluş bölümleri bilen özara gatnaşykda oňyn tejribe gazanyldy.
Mundan başga-da, 2021-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda gender deňligi we adam hukuklary boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli Hereket meýilnamalary, Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Milli hereket meýilnamalarynyň täze tapgyry boýunça geçirilýän işler beýan edildi.