2017-nji ýylyň 10-12-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 10-njy iýulda wekiliýet “Türkmenistan - Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewür çäräniň geçen birinji gününde Frankfurt-na-Maýne şäherinde boldy.
Şol gün wekiliýet Hessen Federal ýeriniň parlamentiniň ýolbaşçysy Norbert Kartman bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
11-nji iýulda türkmen-german işewürlik maslahaty üç sessiýada geçirildi: 1) German kompaniýalarynyň oba hojalygy ulgamyndagazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri; 2) Innowasýia tehnologiýalaryň döwlet işini guramaga berjek ähmiýeti; 3) Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatynyň mümkinçilikleri. Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda Türkmenistanda öndürilen önümleriň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunca V Aziýa oýunlarynyň sergisi geçirildi.
Maslahatyň işine 90-dan gowrak döwlet kärhanalarynyň we guramalaryň wekilleri, nebit-gaz we himiýa senagaty, kompýuter tehnologiýalary, energetika, oba hojalygy we azyk senagaty, ulag we logistika, bank işi, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda işleýän german kompaniýalarynyň ýobaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda iki ýurduň işewür pudaklarynyň wekilleri bilen 50-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Forumda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine baha berildi, dürli ulgamlardaky ösüşleri häsiýetlendirildi, olaryň bar bolan görkezijileriniň we mümkinçilikleriniň ösüşi görkezildi, Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýyna syn berildi we iki ýurduň gyzyklanmalarynyň geljekki ösüşine görä olaryň ölçegleri ylalyşyldy. Ykdysady özgertmeleriň innowasion düzüjilerine , ýurtda daşary ýurtly işewürlere maýa goýmaga döredilen amatly ýagdaýlar we daşary ýurt kompaniýalarynyň hereket etmegi üçin oňyn şertleriň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
12-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň agzalary azyk senagatyna ýöriteleşdirilen “Neufeld” önümçilik kompaniýasyna, programma üpjünçiligini öndüriji “SAP SE” hem-de uly göwrümli “BASF” himiýa konsernine baryp gördüler.
German hyzmatdaşlary bilen geçirilen duşuşyklarda we gepleşiklerde oba hojalygy, energetika, maliýe ulgamy, medisina Derman senagaty we farmasewtika, biotehnika we saglygy goraýyş ulgamlarynyň özara gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary hökmünde galýandygy tassyklanyldy. German kompaniýalary biziň ýurdumyzda uzakmöhletli taslamalary ýerine ýetirmekde uly goşant goşýarlar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösüşine aýdyň gyzyklanmasyny görkezýärler.