2017-nji ýylyň iyul aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Buharestdäky Ilçihanasy Rumyniýanyň DIM-iň Diplomatik instituty bilen birlikde, şol institutyň ýygnaklar zalynda “Türkmenistan we Rumyniýa: 25 ýyl dostluk we hyzmatdaşlyk” ady bilen iki yurdyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň yola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy.
Tegelek stolyň işine Rumyniýanyň DIM-iň döwlet sekretary Aleksandr Wiktor Mikula, DIM-iň wekilleri, Mejlisiň, Ykdysadyýet ministirliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, ASPEN institutynyň we Rumyniýanyň beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Rumyniýada akreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýerli jemgyýetçiligiň we KHBS-ni wekilleri, şeýle hem Buharestyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Tegelek stoluň dowamynda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktory Dan Petre, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi, Söwda-senagat edarasynyň syýasy geňeşçisi, Rumyniýanyň öňki Daşary işler ministry Lazar Komanesku, Rumyniýanyň DIM-iň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa müdirliginiň direktory Kornel Ionesku, Rumyniýanyň DIM-iň Jemgyýetçilik diplomatiýasy, medeniýet we ylym müdirliginiň direktory hanym Mirela Ereku, Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, türkmen-rumyn parlamentara dostlukly toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal, Rumyniýanyň Türkmenistandaky öňki Ilçileri Ýanku Rypan we Ion Porojan dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň hemmesi öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn badyny, şeýle-de türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynda 25 ýylyň içinde ýetilen üstinlikleri barada belläp geçdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda, gatnaşyjylara 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada tanyşdyryş wideoroligi görkezildi.
Çäräniň soňynda, Ilçihanada tarapyndan diplomatik resmi kabul ediliş gurnaldy, oňa tegelek stoluň ähli gatnaşyjylary çagyryldy.