2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Yrak tarapynyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Nizar Issa Abdul-Hadi Al Haýralla ýobaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplaryň esasy ünsi dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine berildi. Sebitleýin howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň çäginde, şol sanda maglumat alyşmak arkaly terrorçylyga we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerine garşy hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ygrarlygyny bellediler.
Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny bellediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Şunlukda yrak tarapy Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna goldawyny belläp, halkara guramlarynyň, esasan hem BMG-niň we YHG-niň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Gepleşikleriň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny seljermek barada ylalaşdylar. Gyzyklanma bildirýän ugurlaryň hatarynda energetika hyzmatdaşlygy bellenildi.
Medeni-gumanitar ulgamy barada aýdyp, türkmen tarapy Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlarynyň işine yrak alymlarynyň gatnaşmagy esasynda ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýlini beýan etdi.