2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gruziýanyň Maliýe ministriniň orunbasary Nikoloz Gaguanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Gepleşikleriň barşynda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn ösüş derejesini bellap, taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini şeýle hem bu ugurda uly strategiki meýilnamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Kawkaz sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň osüşine ygrarlydyklaryny bildirdiler. Bu kontekstde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti we taraplaryň ýetilen ylalaşyklaryň geljekde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary bellenilip geçildi.
Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bu ugurda gatnaşyklary täze derejä çykarmak arkaly bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.