icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 awgust 2017

1783

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana resmi sapary

2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

 Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabulhanasyna çagyrdy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew türkmen kärdeşini Bakuda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň Azerbaýjana şu saparyna däp bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlyk bildirip, goňşy döwletler bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw edip, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy hem-de Azerbaýjanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

 Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Dostlukly hem-de işjeň ýagdaýda geçen gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýa we geljek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berdiler. Iki ýurduň Liderleri netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz nobatdaky mejlisi Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini belläp, türkmen tarapynyň onuň indiki mejlisini Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem hökümetara derejesinde raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek, deňiz söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek, senagat eýeçiligini gorap saklamak babatda hyzmatdaşlyk etmek, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukugy babatynda hyzmatdaşlyk etmek, weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamalara hem gol çekişdiler.

Pudagara derejesinde taraplar Içeri işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga we salgyt edaralarynyň işi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Şol gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasizade bilen duşuşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň guburyna ugrady hem-de şol ýerde gül dessesini goýup, Azerbaýjanyň ilkinji Prezidentiniň we ajaýyp syýasy işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady. Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ejesiniň ýagty ýadygärligini hatyralap, onuň guburyna gül goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şehitler ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiz halk gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini hatyralap, ýadygärlige gül goýdy. Onuň öňünde hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi