2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda Aşgabatda Bilelikdäki hökümetara türkmen-päkistan toparynyň nobatdaky 5-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan topara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, pakistan tarapyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri jenap Khawaja Muhammad Asif başlyklyk etdiler.
Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy goýuldy. Taraplar bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirlişiniň bilelikdäki işiniň jemini seljerdiler.
Mejlisiň barşynda taraplar döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerine garadylar we soňky ýyllarda özara söwdanyň ösüşiniň oňyn dinamikasyny belläp geçdiler. 2016-njy ýylyň 18-nji martynda Yslamabatda geçirilen Tükmenistanyň dokma, saglygy goraýyş we azyk senagatynyň sergisiniň we türkmen-pakistan işewürler maslahatynyň jemleriniň netijeliligini belläp, taraplar geljekde şeýle çäreleri geçirmekligiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjy döwletler üçin syýasy, durmuş we ykdysady tarapdan möhüm uzakmöhletleýin energetiki taslama bolup durýan TOPH gazgeçirijisiniň roly bellenilip geçildi. Şeýle hem mejlisde nebit, gaz, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar oba-hojalyk we senagat ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem geljekde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Bilelikdäki hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işiniň netijesinde jemleýji teswirnama gol çekildi.